Free Web Hosting Provider - Web Hosting - E-commerce - High Speed Internet - Free Web Page
Search the Web

KINO - Bölümi

Kakam Gaýdyp Geler

[ Mazmuny ]  [ Fragment ]

1981-nji ýylda düşürülen bu film kakasynyň Ikinji Jahan Urşundan gaýdyp gelmegine garaşýan Bahar atly gyzyň hekaýasy barada gidýär. Bir oglan jigisi bolan Bahar, ejesi işine gidende ejesiniň özleriniň ýeke-täk sygyryndan sagyp goýup giden süýdüni aýlanyp töweregindäki öýlere satyp, maşgalany eklemegiň bir çäresine şeýle seredýärdi.

Emma bu söwdasynyň soňy şowly bolmaýar, haçan-da ýanyndan geçip barýan wagytlaýyn gospitalyň aýnasyndan urşda ýaralanan esgeriň Bahara gözi ilip bir käse süýt dileýänçä.

Ahmadulin bilen tanyşandan soň, Bahar hergünki satmaly süýdüni şol gospitaldaky esgerlere eltip berýär. Uzak wagtlap süýdüň pulunyň gelmändigine gözi ýeten Baharyň ejesi şübhelenip soraşdyryberse-de, Bahar ýalan sözläp gizläp gezýär.

Esgerler Bahary näçe kyn ýagdaýda goýmajak bolup, süýdüni almajak bolsa-da, ýa-da ýerine birzatlar berjek bolsa-da, Bahar jigisine gantdan başga hiçzat alanok.

Ahyr ejesi süýdiň puly gelmän soň gyzy bilen bile özi aýlanmagy kararlaşdyrýar. We hakykat açaçan bolýar. Ejesi bu hereketi buýsanç bilen garşylaýar.

Bu film asyl gahrymanyň hekaýasyna geçmezden öň, wakanyň ýer alýan Budýonnyý kolhozynyň 5 km ýakynyndaky bir obada bolup geçýän bir waka hödürlenýär.

Bu ýerde merkezden poçtadan hat we gazetleri getirmekden jogapkär aýal köwüşiniň ýyrtyklygy sebäpli, gyşyň sowugynda gaty daşa gitmäne el bermeýär.

Elbetde bu mesele obadakylar bilen gatnaşyklarynda işi kynlaşdyrýar. Ogly Merdany awansyna fermanyň soýulan malyndan et dilemäne iberende, ferma müdiri Tomma gazetler gelmese awans ýok diýýär. Muňa namys eden Merdanjyk ejesine duýdurman gazetleri getirmek üçin göni merkeze gidýär. Elbetde, geýen ejesinin aýakgabynyň gaýym bolmaýyşy sebapli aýagyny gowja aýazladýar.

Ahyr merkeze ýeterläberende güýjüni ýitirip emedekläp başlanda wokzalyň ýanynda duran, uruşdan bir aýagyny ýitirip ýaňyja gelen esgerin gözüne oglanjyk ilýär. Muny demirýolçy, Gurban, alyp poçtanyň binasyna, Nina-daýzanyn ýanyna getirýär. We ýylyjak geýindirip gyzgynjak içirip çalaja açylyşar ýagdaýa getirýärler. Uruşdan gelen esger, Muratguly, hem Merdanyň obasyndan bolan soň, raýkomyň maşyny bilen ikisi obalaryna gaýdýarlar.

Obasyna geleden gözüni açan Merdan Myratgulyny tanaýar, we onuň maşgalasyna gelendigi barada buşlap buşluguna çokaý aýakgap alýar. Çokaýlaryny geýip, gazetleri gelen badyna paýlaýar, we ilknji bolup Tommynyň gazetleriniň eltip berýär.

Bu ýerde gynandyryjy bir mesele, Tommy gazetleri okamany, epleşdirip, kiçiräjik edip ýyrtyp çilim ýasaýar. Uruş döwründe kakasy Watany goramana giden oglanjyga erbet endigi sebäpli azar berip, awans bermeýişi ýaly erbet häsiýetlerini aýalynyň hem halamaýandygyňy şu sahnada görmek mumkin.

Alty Garlyýew adyndaky

“Turkmenfilm” kinostudiýasy

 

Sahnanyň awtorlary

Halmämmet Kakabaýew

Aleksandr Çernow

 

Filmi goýan režisýor

Halmämmet Kakabaýew

 

Filmi Goýan Operator

Öwez Welmyradow

 

Filmi Goýan Hudožnik

Selim Amangeldiýew

 

Kompozitor

Nury Halmämmedow

 

Ses Operatory

Ýusup Ýagmyrow

 

Režisyor

A.Çarygulyýew

 

Operator

B.Goçmyradow

 

Ýardamjy Režisyorlar

K.Annanow, Ç.Meredow

 

Ýardamjy Operatorlar

O. Kasymow, T.Tekemyradow

 

Redaktor

Habyp Guseýinow

 

Montažçy

Lidiýa Trýaşenko

 

Geýim hudožnigi

A.Obuhowa

 

Grimçi

E.Kormilisina

 

Kombinirlenen kadrlaryň operatory

B.Goçmyradow

 

Kombinirlenen kadrlaryň hudožnigi

S.Amangeldiýew

 

Ýolbaşçy topar

Y.Sagirow

R.Taňrygulyýew

B.Gurbanow

T.Artykow

Rollarda

 

Bahar
Gülnar Babaýewa

 

Merdan
Gurban Ataýew

 

Ahmadulin
Ý.Ilýanow

 

Suren
K.Jangirow

 

Nikolaý
A.Wdowin

 

Baharyň ejesi
Maýa Aýmedowa

 

Nina daýza
W.Lewina

 

Gülnabat
Ý.Garaýewa

 

Serdar
G.Annaýew

 

Aman
B.Jumageldiýew

 

Serhen-aga
A. Durdyýew

 

Tommy
M.Berdiýew

 

Sona Myradowna
G.Kerimowa

 

Demirýolçy
P.Ylýasow

 

Esger
Ç.Işangulyýew

 

Epizotlarda
A.Döwletow, E Allanowa, K.Amangeldiýew, O. Annamyradowa, H.Nyýazow, N.Gutlyýewa, G.Abramow, G.Samedowa, O.Hannyýewa, A. Bäşimowa, A.Halmämmedow, H.Hajymyradowa, I.Şkurýa, A.Pawlin, A. Konstantinow, W.Muhammedow, M.Aýdogdyýew

 

SSSR Döwletkinokomitetiniň simfoniki orkestry

Dirižýor
A.Petuhow

 

Konsultant
E.Islamow

 

Filmiň Direktory
Pirguly Ataýew

 

©Türkmenfilm
1981 ýyl

 

 

 

Öňki Ýazgylar

 

 

Copyright © 1999 - 2004, All Rights Reserved

Altas News Agency & Information Center