
Editor: Şamyrat Ýusupow
Magtymguly 04, 2004. Türkiýäniň hemra arkaly dünýä ýaýlyma
açylan ilkinji teleýaýlym kanaly bolan Samanýoly TW, habarlar bölümünde
Türkmenistan barada taýýarlanan wideo-materialyny görkezdi. Reportažy taýýarlan
Weýsel Gylyç Türkmenistan gysga wagtda örän uly ykdysady ösüşlere eýe
bolmak bilen uly üns çekýändigini, ülkede eşretli durmuşyň
bardygy, gaz, suw, tok ýaly serişdeleriň halkyň ulanyşyna
tölegsiz berilýändigi we dünýäde iň arzan benzin tükedýändigini belläp
geçdi.
Paýtagt
Aşgabadyň ‘Ak Şäher’ maksatnamasy esasynda örän gözel we
jadylaýyjy şähere öwrülendigini, Soýuz döwründe paýgtasyny hem daşary
ugradýn Türkmenistan, şu wagt tekstilden oba-hojalyga ähli pudaklarda
özüne ekläp biljek ýagdaýa gelendigini hem belläp geçdi.
“Bu galkynyş
maksatnamalaryň ýolbaşçygyny edýän prezident Saparmyrat
Türkmenbaşa halkynyň söýgüsi çäksizdir,” diýen Weýsel Gylyç sözüne
şeýle dowam etdi:
“Bu söýgüsüni halk bu
beýik serdaryň suratlaryny we heýkellerini şäher we guramalaryň
esasy merkezlerinde görmek mümkin”
Samanýoly TW
Türkiýäniň ilkinji hususy kanallarynyň biri bolup, dünýäniň
50-den gowrak döwletinde hemra arkaly ýaýlym edýär we Türkiýäniň daşynda
Häzirbegjanyň
Samanýoly TW
dünýäniň ähli ýerdäki tomaşajylaryna internet arkaly hem ýaýlym
edýär. Şol sanda Samanýoly Habar topary hem iň täze habarlary,
iň adyl analatika bilen hödürleýär.
Samanýoly TW: http://www.samanyolu.tv
Samanýoly Habar: http://www.samanyoluhaber.com
Samanýoly Ýaýlym: mms://usa.stv.com.tr/live
Altas
Copyright © 1999 - 2004, All Rights Reserved
Altas
News Agency & Information Center